Hindistanyň Güne tarap ugradan stansiýasy ýanwaryň birinji hepdesinde barmaly nokadyna ýeter

20.12.2023, 14:5612,301

Hindistanyň Aditya-L1 Güni öwreniş kosmos stansiýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň birinji hepdesinde missiýasynyň soňky nokadyna — asman Ýagtylgyjyny synlap bolýan nokada (Lagranž L1 nokadyna) ýeter. Muny Hindistanyň Ylym we tehnologiýa döwlet ministri Jitendra Singh mälim etdi.

Singh Sansad TV teleýaýlymyna beren interwýusynda: "Hindistanda ilkinji Güni öwreniş missiýasy bolan Aditya-L1 indiki aýyň başynda, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň birinji hepdesinde, Lagranž L1 nokadyna ýeter" - diýdi.

Aditya-L1 2-nji sentýabrda Ýeriň orbitasyna çykaryldy. Üç hepde töweregi wagtdan soň, enjam Ýerden 1,5 million km uzaklykda ýerleşýän Lagranž L1 nokadyna barýan ýoluň traýektoriýasyna geçirildi. Stansiýa oňa ýetensoň, gözleg işlerine başlar. Gün-Ýer ulgamynda Lagranž L1 nokady kosmos stansiýasy üçin Güni synlamaga amatly ýerdir. Bu ýerde oňa ne Aý, ne-de Ýer bilen ýapylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.