Jokowiç Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

29.12.2023, 14:501,987

Dünýäniň birinji raketkasy serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda çykyş eder. Jokowiçiň sözlerini “Sportstar” žurnalyna salgylanyp, TASS getirýär.

“Ýurdum üçin Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazanmak, hakykatdanam, özboluşly we aýratyn bir zat bolardy” – diýip, Jokowiç belleýär.

Jokowiç 36 ýaşynda, ol dünýäniň birinji raketkasy we onuň hasabynda 98 ATP tituly, şol sanda Uly tuwulga ýaryşlarynda 24 ýeňiş bar. Türgen 2008-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysy we Dewisiň Kubogynyň eýesidir (2010).
Pariždäki Olimpiada 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.