Ýanwar aýynda türkmen telewideniýesi täze hytaý teleserialyny ýaýlyma berer

29.12.2023, 15:2218,445

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaýyň «Şatlyk» atly teleserialy we «Tolkun» atly dokumental filminiň 3 bölümi türkmen dilinde ýaýlyma berler. Bu barada turkmentv.gov.tm habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti media ulgamynda Naqada hytaý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde Hytaýyň Haýniň bazasynyň telewideniýe we kino pudagynyň halkara hyzmatdaşlygy üçin synag zolagy tarapyndan öndürilen «Biziň ýaşlygymyz» atly teleserial türkmen dilinde dublýaž edilip, 2021-nji ýylda ilkinji gezek «Miras» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda ýaýlyma berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.