2023-nji ýylda iň köp ulanylan 10 sany emeli aň gurallary haýsylar?

29.12.2023, 18:129,186

2023-nji ýyl AI (emeliň aň) ýyly diýip atlandyryp bolar. Çünki bu ugurda innowasiýanyň tizligi kimler üçin ýokary bolsa, kimler üçin howatyrly boldy. Emma soňky gözlegler howatyrlanmanyň adamlaryň AI-e kömek sorap ýüz tutmagyna böwet bolmaýandygyny tassyklaýar.

Onlaýn mazmun ýazýan Writerbuddy.ai kompaniýasy tarapyndan geçirilen pikir soraşmanyň netijesine görä, 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2023-nji ýylyň awgust aýyna çenli ChatGPT-e 14 milliarddan gowrak adam giripdir. Writerbuddy haýsysynyň has köp ulanylandygyny kesgitlemek üçin 3000-den gowrak AI guralyny derňedi. Jemi 24 milliard sapar iň gowy 50 AI guralyna girildi. Belläp geçsek, ulanyjylaryň aglabasy erkeklerdir.
Ine iň meşhur 10 gural:

  • ChatGPT - 14,6 milliard gezek ulanyldy;
  • Character.ai - 3,8 milliard;
  • Quillbot - 1,1 milliard;
  • Midjourney - 500,4 million;
  • Hugging Face - 316,6 million;
  • Bard - 241,6 million;
  • NovelAI - 238,7 million;
  • Capcut - 203,8 million;
  • Janitor AI - 192,4 million;
  • Civitai - 177,2 million
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.