Daşoguzdan Sarygül Mätiýewa 116 ýaşady

04.01.2024, 22:5937,088

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Akdepe etrabynyň Ak altyn geňeşliginiň Bagtyly obasynda ýaşaýan Sarygül Mätiýewa 116 ýaşyny doldurdy.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, onuň pasportynda hem doglan güni «1-nji ýanwar» diýlip resmileşdirilipdir.

«Her baýramçylyk güni döwletli ojagyň törüni bezäp oturan, jennetiň ak guşy ýaly mähriban enäni hem Täze ýyl, hem doglan güni bilen gutlap, ogul-gyzlary, 43 agtygy, 96 çowlugy, 8 ýuwlugy bereketli saçagyň başynda jem bolýarlar» diýlip gazetde bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.