Hytaýly alymlar garramagy haýalladýan mehanizm döretdiler

11.01.2024, 18:4110,610

Hytaýly alymlar garramagy haýalladyp bilýän mehanizm döretdiler. Oýlap tapyjylar nanotehnologiýa arkaly karkas implantyny döretdiler. Onuň maksady adam bedenini wodorod bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu madda garrylygyň dürli görnüşlerine: ýatkeşligiň ýaramazlaşmagyna, myşsa massasynyň azalmagyna garşy göreşmek üçin niýetlenendir.
Şeýle hem wodorod deriniň garramagyna sebäp bolýan islendik zäherli bölejiklere garşy serişde hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, bu element bedeniň käbir öýjüklerini dikeldýär. Degişli barlagyň netijeleri «Nature Communications» žurnalynda çap edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.