Android-de Chrome brauzerinde islendik saýtdaky teksti sesli eşitdirmek funksiýasy peýda bolar

19.01.2024, 14:433,386

Google kompaniýasy Android-de Google Chrome brauzeri üçin täze funksiýanyň başlangyç wersiýasyny çykardy. Ol islendik sahypanyň mazmunyny neýroulgam sesiniň kömegi bilen sesli eşitdirmäge mümkinçilik berýär diýip, championat.com habar berýär.

Bu mümkinçilikden peýdalanmak üçin Chrome brauzeriniň beta-wersiýasy we salgy setirinde “chrome://flags/#read-aloud” salgysy boýunça ýörite buýrugy işjeňleşdirmek gerek. Soňra islendik saýty açyp, sazlamalar menýusyna basyp, “Şu sahypany sesli eşitdirmek” opsiýasyny saýlamaly. Şondan soň brauzere gurnalan pauza we sözleýşi çaltlaşdyrmak düwmesi bilen pleýer açylar.
Teksti sesli eşitdirmek funksiýasy beta-synag tapgyrynda, ýöne ol eýýäm rus dilini goldaýar we hatda ýygnalan režimde-de işleýär. Täze funksiýanyň haçan ähli Chrome ulanyjylary üçin elýeterli boljakdygy häzirlikçe belli däl.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.