Täze PWD formaty PDF-iň ornuny tutar. Ol oflaýn režimde wideo we ses keşini goldaýar

20.01.2024, 14:342,913

Resminamalary okamak we dolandyrmak üçin Polar innowasion platformasy Portable Web Documents (PWD) atly täze resminama formatyny hödürledi. Ol HTML 5-e esaslanýar we ýakyn wagtda PDF-iň ornuny tutup biler diýip, Polar web sahypasyna salgylanýan Ferra habar berýär.

Bu format wideo, ses, şekil we interaktiw diagrammalaryň keş görnüşini goldap biler, ol PWD-ni doly interaktiw kitap ýaly edip, oflaýn tertipde işlär.
PWD zip faýl arhiwinde gaplanan ähli garaşly çeşmeleri öz içine alýan doly HTML resminamasydyr.
Bu format web sahypalary ýatda saklamak meselesine diňe bölekleýin çözgüt hödürleýän WARC we MHTML ýaly bar bolan formatlar bilen baglanyşykly birnäçe meseläni çözýär.
Taslamanyň awtorlarynyň sözlerine görä, PWD PDF we HTML-iň artykmaçlyklaryny özünde jemleýän we web sahypalaryny awtonom arhiwlemek üçin täze mümkinçilikleri hödürleýän häzirki resminama formatlaryna ajaýyp alternatiwa boljakdygyny wada berýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.