BAFTA-2024 baýragyna dalaşgärler yglan edildi

20.01.2024, 15:059,488

Londonda Britan film we telewideniýe akademiýasynyň (BAFTA) 77-nji baýragyna dalaşgärler mälim edildi. Ýeňijiler 18-nji fewralda geçiriljek dabarada yglan ediler diýip, RBK habar berýär.

Bu ýyl dalaşgärleriň sany boýunça “Oppengeýmer” (13) we “Garyplar-bagtsyzlar” (11) öňde barýar. Bu filmleriň ikisi-de ýakynda “Altyn globus” baýraklaryny aldy.
Britan film akademiýasynyň wersiýasyna görä, ýokarda agzalan iki filmden başga-da, “Aşak gaçmanyň anatomiýasy”, “Ga:ldyrylanlar” we “Gül aýynyň ganhorlary” ýylyň filmi ugrunda bäsleşer. Soňky film režissýorçylyk (Martin Skorseze) hem-de erkek we aýal keşpleri (Leonardo DiKaprio we Lili Gledstoun) ýaly birnäçe möhüm ugurlarda hasaba alynmady.
BAFTA baýragynyň gowşurylyşy BBC One-da ýaýlyma berler. Dabarany “Lukman Kim” teleserialynyň ýyldyzy Dewid Tennant alyp barar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.