5-nji fewralda Aşgabatda Hytaýyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçiriler

03.02.2024, 00:585,896

5-nji fewralda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçiriler.

Dabara görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer M.Mämmedowa anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri bilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belläp, wise-premýere Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasyny mynasyp derejede geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.