Apple homeOS atly täze operasiýa ulgamyny işläp taýýarlaýar

03.02.2024, 13:522,172

Apple täze homeOS operasiýa ulgamyny işläp taýýarlaýar. Kompaniýanyň özünde bu barada habar bermediler, ýöne tvOS 17.4-iň beta wersiýasynyň kodynda OS barada ýatlanylýar diýip, MacRumors-a salgylanýan Gazeta.Ru habar berýär.

2021-nji ýylyň iýun aýynda Apple homeOS barada ýatlanylýan iki sany boş iş orun  barada habar çap etdi, ýöne metbugat bu hakda ýazyp başlan dessine taslamanyň ady aýryldy. Şondan bäri tä tvOS 17.4-iň beta wersiýasy çykýança, kompaniýa resmi beýanatlarynda homeOS barada hiç zat agzamady.
HomePod 2018-nji ýylda iOS 11-iň üýtgedilen görnüşini işledi, ýöne soňra Apple akylly kolonkany tvOS-a geçirdi. MacRumors-yň tassyklamagyna görä, homeOS Apple-iň “akylly” kolonkalar we beýleki öý enjamlary üçin üçünji OS-y bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.