Hytaý dünýäde ilkinji emeli aň ornaşdyrylan emeli hemrany uçurdy

05.02.2024, 01:235,593

Hytaý emeli hemralar toparyny uçurdy, şolaryň arasynda dünýädäki ilkinji emeli aň ornaşdyrylan emeli hemra hem bar. Bu barada rambler neşiri CGTN teleýaýlymyna salgylanyp habar berýär.

«Rongpiao» emeli hemrasy («Xingshidai-18» diýlip hem atlandyrylýar) dokuz emeli hemra toparynyň düzüminde Pekin wagty bilen sagat 11:06-da «Smart Dragon 3» (SD-3) raketasy bilen uçuryldy. Uçuş Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynyň Ýanszýan şäheriniň kenarýakasynda suwuň üstünden amala aşyryldy.
Bellenilmegine görä, «Guoxing Aerospace Technology» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen enjam «Synaesthesia Fusion» emeli aň algoritmini
orbitada barlamak üçin niýetlenendir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.