Alymlar ýaşap boljak ekzoplanetany tapdylar. Ol Ýerden 137 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär

09.02.2024, 15:3424,781

Astronomlar bizden, takmynan, 137 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän ýaşap boljak täze bir planetany tapdylar. Ol gyzyl girdenek ýyldyzyň da­şyndan ​ aýlanýar diýip, Monthly Notices of the Royal Astronomi­cal Society žurnalynda çap edilen täze gözlege salgy­lanýan Universe Today ýazýa­r.

TOI-715b diýlip atla­ndyrylýan bu planeta öz ýyldyzynyň konserwat­iw ýaşaýyş diýilýän zolagynda ýerleşýär we bu bolsa ol ýerde suwuk suwuň bolmagynyň mümkindigini aňladýar. Ekzoplaneta Ýerden 1,55 esse ulud­yr.

Birmingem uniwersite­tiniň Fizika we astr­onomiýa mekdebinden gözlegiň baş awtory Jorjina Dransfildiň bell­eýşi ýaly, TOI-715b öz ýyldyzynyň daşyndan bary-ýogy 19 günde aýlanyp çykýar, ýöne TOI-715 kimin gyzyl girdenekler biziň Günümize garanda has az ýagtylyk çyka­rýanlygy üçin, planeta aram howany saklamak üçin ýeterlik energiýa alýar.

Bu açyş diňe bir biz­iň galaktikamyzda ýa­şap boljak dünýäleriň sanyny artdyrmaýa­r. Indi “Jeýms Webb” kosmos teleskopyny arkaly ekzoplanetalaryň atmosferasyny öwre­nmek üçin ajaýyp müm­kinçilik bar.

Geljekki gözlegler TOI-715b-iň durmuşy goldap biljegini-bilmejegini anyklar ýa-da älemde ýaşap boljak planetalar üçin zerur şertler baradaky düşünjämizi giňeldip biler diýip garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.