Aşgabatda "Rus ylmynyň hepdeligi" geçirilýär

11.02.2024, 17:305,078
1 / 2

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi Aşgabatda "Rus ylmynyň hepdeligi" atly sergi gurady. Bu barada "Rossotrudniçestwanyň" Metbugat gullugy habar berýär.

Çäre 7-nji fewraldan 12-nji fewral aralygynda geçirilýär.
Çärä gatnaşyjylara himiýa tejribelerini geçirmäge, Mendeleýewiň tablisasynyň döreýşi, alymyň ömri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.
Çäreleriň tapgyryny 12-nji fewralda 18:00-da görkeziljek RT Documentary-nyň «Мир 2025. Увидеть будущее» filminiň görkezilişi jemlär.
Habarlaşmak üçin: +993 61510398
E-poçta: otdel_tm@mail.ru

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.