Iran Khodro täze Reera krossowerini öndürip başlady

13.02.2024, 23:508,419

Eýranyň «Iran Khodro» (IKCO) kompaniýasy Tährandaky zawodynda täze «Reera» krossowerlerini öndürip başlady. Bu barada gazeta.ru «Akharin Khodro» salgylanyp habar berýär.

Awtoulagyň uzynlygy 4334 mm. Täze önüm «Peugeot 2008» modeliniň platformasyna esaslanýar. Krossower 160 at güýjüni öndürýän 1,7 litrlik benzinli hereketlendiriji we alty tizlikli awtomatiki geçiriş gutusy bilen üpjün edildi. Ulagyň diňe öňdäki tekerleri hereketli. Şeýle hem awtoulag ýyladyş ulgamly öňdäki oturgyçlara, dört sany howpsuzlyk ýassygyna, hereketlendiriji işledýän düwmä, durnuklaşdyryş (stabilizasiýa) ulgamyna, smartfon üçin simsiz zarýad beriji enjama, töwerekleýin görüş ulgamyna we beýleki aýratynlyklara eýedir.
Häzirlikçe «Iran Khodro Reera» awtoulagynyň synag nusgalary öndürilýär. Ulaglaryň köpçülikleýin önümçiligi 2024-nji ýylyň maý aýynda başlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.