“Türkmenistan” kinokonsert merkezi konsertleriň we kinolaryň afişasyny hödürledi

14.02.2024, 02:4410,766
1 / 6

“Türkmenistan” kinokonsert merkezi türkmen estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda birnäçe konsertleri geçirmäge taýýarlanýar.

Şeýle-de, tomaşaçylar täze kinofilmleriň we animasion lentalaryň görkezilişine gatnaşmaga çagyrylýar.

Şeýlelikde:

16-njy fewralda “Gulp astynda” (“Взаперти”) elhençlikler filmi görkeziler. Filmiň başlaýan wagty – 19:00.


17-nji fewralda:

  • 15:00 – Disney kinostudiýasyndan “Gymmatly isleg” (“Заветное желание”) animasion fentezi filmi;
  • 17:00 – “Ýönekeýje” (“Элементарно”) animasion komediýa filmi (Disney bilen Pixar-yň önümçiligi);
  • 19:00 – Jeýson Steýtemiň baş keşbi ýerine ýetirmeginde täze ýiti sýužetli “Aryçy” (“Пчеловод”) filmi görkeziler.

18-nji fewralda konsert şüweleňi bolar. Estrada aýdym-sazlaryny söýüjiler üçin Gülälek Hezretgulyýewa, Rahymgeldi Kyýasow we Döwran Meläýew çykyş eder.


Mundan başga-da, Halkara Zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk konsertleri üçin petekler satylyp başlandy.

  • 7-nji martda – Serdar Çaryýew we Döwran Meläýew konsert şüweleňinde çykyş eder.
  • 8-nji martda – Söhbet we Sapa Jumaýewleriň, şeýle-de Döwran Meläýewiň gatnaşmagynda konsert şüweleňi geçiriler.
  • 21-nji martda – Rüstem Hallyýew we Döwran Meläýew çykyş eder.

Salgysy: Aşgabat ş. Oguzhan köçesi, 13.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 49-26-58+99365 72-60-80, +99362 00-31-21 (imo).

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.