Geljegiň skafandry. NASA çeýe, ýeňil mikrograwitasiýa kostýumyny synagdan geçirip görýär

15.02.2024, 15:524,689

NASA mikrograwitasiýa şertlerinde ulanmak üçin niýetlenen täze kosmos kostýumynyň üstünlikli synag edilendigini yglan etdi. Bu skafandr kosmonawtikada uly öwrülişik bolup biler diýip, ITHome habar erýär.

Collins Aerospace kompaniýasy tarapyndan döredilen täze skafandr täjirçilik mikrograwitasiýa uçuşynda synagdan geçirildi. Bu onuň işläp düzülişini  tamamlamak we "dizaýny tankydy gözden geçirmäge" taýýar etmek üçin möhüm ädimdir.
Ol kosmonawtlara kosmos missiýasynyň dürli şertlerine ýeňil uýgunlaşmaga mümkinçilik berjek agramy we ululygy, şeýle hem ýokary çeýeligi bilen öňki modellerden tapawutlanýar.
Mundan başga-da, skafandr dürli görnüşli göwreleriň köpüsine laýyk gelýär. Bu köne dizaýnlara esaslanýan bir ülňüdäki skafandrlar bilen deňeşdirilende, ep-esli öňe gidişlikdir.
Synaglaryň dowamynda skafandr agramsyzlygyň şertlerine meňzedilip, uçuşda "ýokary galmalara" sezewar edildi. Bu kosmonawtlaryň şeýle gurşawda näderejede netijeli hereket edip we wezipeleri ýerine ýetirip biljekdigini barlamaga mümkinçilik berdi.
Indi skafandr, kosmos wakuumy şertlerinde netijeliligine baha bermek üçin, wakuum kamerasynda synagdan geçirilmeli. Şeýle hem NASA-nyň Tehasdaky bitarap ýüzüjilik barlaghanasynda kosmosda gezelenç etmäge taýýarlyk maşklary  üçin mikrograwitasiýa öýkünme  görnüşindäki suwasty synaglar geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.