Apple: iPhone smartfonlaryny saç guradyjy we tüwi bilen guratmaň!

22.02.2024, 18:2515,830

Apple öz saýtynda ulanyjylara iPhone-y suwa gaçan ýagdaýynda saç guradyjy ýa-da tüwi bilen guratmazlygy duýduryjy maglumaty ýerleşdirdi.

Kompaniýa iPhone smartfonlaryny guratmak üçin daşarky ýylylyk çeşmelerini (saç guradyjylar, mikrotolkunly peçler) ýa-da dykyz howany ulanmagy maslahat bermeýär.
Zarýad berijiniň birikdirilýän ýerine çyglylygy özüne siňdirip bilýän, ýöne ony doly aýryp bilmeýän predmetleri (pagta taýajyklary, kagyz polotenseleri) salmak gerek däl. Şeýle-de, iPhone-y tüwüli halta salmaň, sebäbi tüwi däneleri birikdirijileri ýapyp, içerki komponentlere zeper ýetirip biler diýip, kompaniýa duýdurýar.

Munuň deregine:

  • Artykmaç suwuklygy aýyrmak üçin iPhone-y birikdirijini aşak görkezip saklaň we oňa eliňiz bilen seresap kakyň.
  • Smartfony gowy ýelejiredilýän gury ýerde goýuň we ol tebigy usulda guraýança garaşyň. Bu azyndan 30 minut alar.
  • Ekranda birikdiriji ýerlerde suwuklygyň bardygyny aňladýan sary ýüzlenme belgisi ýitýänçä zarýad berjek ýa-da aksessuarlary ulanjak bolmaň.

Eger telefon doly guran bolsa, ýöne zarýad almasa, zarýad berijini aýryň we soňrak barlap görüň.
Apple saç guradyjynyň, tüwiniň we beýleki şuňa meňzeş usullaryň ulanylmagynyň iPhone-a zeper ýetirip biljekdigini belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.