Şakira ýedi ýyldan soň täze albomyny yglan etdi

19.02.2024, 08:2312,551

Kolumbiýaly pop ýyldyzy Şakira «Las Mujeres Ya No Lloran» (ispan dilinde «Zenanlar indi aglamaz») atly 12-nji albomynyň çykjakdygyny habar berdi. Bu albom aýdymçynyň 2017-nji ýyldan bäri ilkinji toplumy bolar.

«Bu eseri döretmek alhimiki prosesdi. Her aýdymy ýazanymda, özümi şoňa görä üýtgedipdim. Olary aýdanymda gözýaşlarym almaz daşlaryna, ejizligim güýç-kuwwata öwrüldi» diýip, aýdymçy belledi. Albomyň daşynda Şakiranyň ýüzünde almaz göz ýaşlary şekillendirilýär.

Albom 16 aýdymy öz içine alýar, şolaryň arasynda Karol G we Rau Alehandro bilen birlikde ýerine ýetirilen aýdymlar bar. «Las Mujeres Ya No Lloran» ilkinji gezek 22-nji martda tanyşdyrylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.