Bir ýyllap ýatdan çykarylan lotereýa bileti eýesine täze awtomobil getirdi

21.02.2024, 19:5822,382

Ýatdan çykarylan lotereýa bileti amerikaly erkek adama täze awtomobil getirdi. Bu barada UPI salgylanyp, gazeta.ru ýazýar.

Lukas Swartaut geçen ýyl lotereýa biletini satyn alandygyny we ony awtoulagyň gapyrjagynda goýup, ýatdan çykarandygyny gürrüň berdi. Bu bilet onuň diňe 2024-nji ýylyň fewral aýynda awtoulagda tertipleşdiriş geçirende ýadyna düşýär.
Şondan soň Swartaut biletdäki utuşly gorag meýdançasyny bozmak kararyna gelýär we geň galyjylyk bilen täze awtomobiliň eýesi bolandygyny bilýär. Dogrusy, häzirlikçe Lukas awtoulagy näme etmelidigini, satmalydygyny ýa-da ulanmak üçin galdyrmalydygyny bilenok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.