Günde partlama: 25-nji fewralda Ýere magnit hadysasy täsir edip biler

25.02.2024, 23:578,137

24-nji fewralda sagat 03:00 bilen 04:00 aralygynda (Aşgabat wagty bilen) Günde 2017-nji ýyldan bäri iň güýçli X6.3 klasly partlama bolup geçdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýa barlaghanasyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

“Günden şöhle akymlary bir inedördül kilometr üçin bir kilowatt töweregi boldy” – diýlip, barlaghanada habar berildi.

Häzirki wagtda Gün ýokary işjeňligi başdan geçirýär. Bu partlama soňky 24 sagadyň dowamynda eýýäm üçünji X klasly partlamadyr. Öň, iki partlama 22-nji fewralda, irden sagat 04:17-de we sagat 11 bilen 12 aralygynda bolup geçdi.

“Partlama Gün-Ýer liniýasyna ýakyn ýerde hasaba alyndy” – diýip, barlaghanada bellenildi. Bu hem onuň Ýere täsir etmek ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

Eger plazma bulutlary planetanyň orbitasyna gelse, eýýäm 25-nji fewralda güýçli magnit hadysasy bolup biler. Bu ýagdaýda magnit tolkunlarynyň ähtimal güýji G4 derejesine (mümkin bolan bäşden) ýetip biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.