Walentina Kafolle buzuň astynda kislorodsyz 140 metr ýüzdi

29.02.2024, 18:3715,824

27 ýaşly horwat-italýan türgeni Walentina Kafolle demiňi saklap, suwuň astynda ýüzmekde zenanlaryň arasynda dünýä rekordyny goýdy. Munuň üçin ol Italiýanyň demirgazygyndaky Alp daglarynda ýerleşýän köli saýlady: türgen demini tutup, buzuň aşagynda monolastly 140 metr ýüzdi. Ýüzüji ilkinji gezek 2017-nji ýylda şeýle usulda 125 metr ýüzüp, Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi.

Golaýda ýaponiýaly Ýasuko Odzeki onuň ozalky görkezijisinden bir metr uzaga ýüzüp, rekordy täzeläpdi. Ýöne eýýäm 36 sagatdan soň Kafolle täze rekord goýdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.