HammAli & Navai we Seville uçarda ýolagçylar üçin konsert berdiler

03.03.2024, 23:2513,044

Moskwa – Soçi ugry boýunça uçuşyň dowamynda HammAli & Navai we Seville uçardaky ýolagçylaryň öňünde çykyş etdiler. «VK Muzyka» we «Aeroflot» tarapyndan gurnalan bu konsert 1 – 7-nji mart aralygynda Siriusda geçirilýän Bütindünýä ýaşlar festiwalynyň başlamagyna bagyşlandy.

Köp ýolagçy üçin konsert garaşylmadyk sowgat boldy – aýdymçylar uçaryň asmana göterilmeginden bir sagat soň peýda boldular we birnäçe aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Uçarda Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşyjylar, meşhur artistler we blogerler bardy.
Konsertiň doly ýazgysy «VK Muzyka» jemgyýetinde ýerleşdirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.