Apple täze önümlerini tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Olar ýakyn wagtda çykyp başlar

06.03.2024, 18:142,172

Apple öz önümleriniň setiriniň bahar täzelenmesine taýýarlanýar. MacRumors -yň berýän maglumatyna görä, bildiriş 7-nji martda bolar.

Täze enjamlaryň resmi tanyşdyrylyşynyň bolmazlygy mümkin. Apple öz web sahypasynda metbugat beýanatlaryny çap edip, soňra onlaýn wideo we marketing kampaniýalary arkaly täze önümleri yglan edip biler.
Bloomberg-iň wekili Mark Gurmanyň sözlerine görä, Apple ýakyn hepdeleriň dowamynda şu aşakdakylary bildiriş edip biler:

  • - M3 çipli, OLED displeýli, has inçe korpusly, täzelenen kameraly we MagSafe simsiz zarýad beriş mümkinçiligi bolan iki sany täze iPad Pros-y;
  • - M2 çipli iki sany täze iPad Airs-y, şol sanda ilkinji 12,9 dýuýmlyk iPad Air-ny;
  • - ulaldylan trekpadly we alýumin korpusly iPad Pro üçin täze Magic Keyboard klawiaturany;
  • - täze Apple Pencil-i;
  • - M3 çipli, Wi-Fi 6E-li hem-de we Bluetooth 5.3-li  13 dýuýmlyk we 15 dýuýmlyk MacBook Air-ny;
  • - iPhone 15-iň we iPhone 15 Plus-yň täze reňk opsiýalaryny;
  • - iPhone daşlyklary we Apple Watch-yň sagat baglary üçin täze reňkleri.

Täze enjamlaryň 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlary aralygynda çykarylmagyna garaşylýar.
Ýokarda sanalanlardan başga-da, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda täze Apple TV-niň we ekranly HomePod-yň çykjakdygy barada myş-myşlar bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.