Alymlar haýsy howa hapalaýjynyň Alsgeýmer keseliniň döremegine sebäp bolýandygyny anykladylar

10.03.2024, 15:427,093

Gözlegçiler Alsgeýmer keseliniň ösmeginde howanyň magnetit bilen hapalanmagynyň möhüm rol oýnap biljekdigini anykladylar. Bu barada  Environment International žurnalynda çap edilen gözlegde aýdylýar.

Alymlar neýrodegeneratiw kesele duçar bolan syçanlary ulanyp, magnetitiň uzak wagtlap täsir edişini, şeýle hem demir we dizel ýangyjynyň täsirini öwrendiler.
Netijeler Alsgeýmer keseliniň esasy alamatlarynyň - howsalanyň, stresiň, neýron ýitgileriniň, şeýle hem çişmeleriň we okisleýji hadysalaryň haýwanlarda ýüze çykmagyna hut magnetitiň sebäp bolýandygyny görkezdi.
Netijeler howanyň hapalanmagynyň beýniniň sagdyn işlemegine çynlakaý howp salýandygyny tassyklaýar.
Gözlegçiler magnetitiň derejesiniň, daşky gurşawa howpsuz bolar ýaly, standarta salynmagyny isleýärler.
Magnetit - bu magnit aýratynlyklary bilen tanalýan, giň ýaýran gara mineral, demir oksidi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.