Apple iPhone-dan öňden gurnalan öz programmalaryny öçürmäge rugsat berer

14.03.2024, 15:344,887

Apple Ýewropa Bileleşiginde güýje giren Sanly bazarlar hakynda kanunynyň (DMA) talaplaryny ýerine ýetirmek üçin kompaniýanyň ekoulgamynyň ýakyn wagtda boljak üýtgeşmelerini beýan edýän 12 sahypalyk resminama çap etdi.

Mysal üçin, 2025-nji ýylyň mart aýyna çenli Apple iOS-da ulanyjylara Apple Maps-den başga programmalary deslapky nawigasiýa hyzmaty hökmünde saýlamaga mümkinçilik berýän üýtgeşmeler girizer.
Şeýle hem Apple öňünden gurnalan Safari brauzerini iPhone-dan öçürmäge mümkinçilik berer. Netijede, ulanyjylar Google Chrome ýa-da Opera ýaly beýleki programmalary deslapky web serfing programmasy hökmünde saýlap bilerler.
Şol bir wagtyň özünde, Apple programma dükanyndaky maglumatlary dolandyryş sazlamalaryny has çeýe eder. Mysal üçin, ulanyjylar iPhone-yň programma dükanyndan ýükläp aljak gündelik ýa-da hepdelik maglumat çäklerini kesgitläp bilerler.
Şeýle hem Apple hyzmatlaryndaky hasaplardan maglumatlary başga işläp düzüjileriň şuňa meňzeş önümlerine geçirmegi aňsatlaşdyrar. Bu, ilkinji nobatda, onlaýn aýdym-saz platformalarynyň ulanyjylaryna elýeterli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.