Şekerli altyn: Alymlar antibiotikleriň has netijeli oruntutaryny tapdylar

16.03.2024, 12:507,495

Pensilwaniýa we Stenford uniwersitetleriniň gözlegçileri bakterial bioplýonkalara  garşy göreşmekde, adaty antibiotiklerden has netijeli boljak, şeker bilen örtülen altyn nanobölejiklerini ulandylar. Bu barada Clinical Investigation žurnalynda çap edilen gözlegde habar berildi.

Bioplýonkalar - bu bakteriýalaryň dişleriň üstünde, zeper ýeten deriniň ýüzünde we beýleki ýerlerde döredýän gorag nem gatlaklarydyr. Olar diňe bir dokumalara zeper ýetirmek bilen çäklenmän, bakteriýalary antibiotiklere durnukly edýär.
Altynyň nanobölejikleri bu meseleleriň ikisini hem çözüp biler. Bölejikler dekstran – bölejikler bakteriýalary özüne çeker ýaly, bioplýonkalaryň “gurluşyk bölegi” hasaplanýan uglewod bilen örtüldi.
Gözlegiň dowamynda  altyn nanobölejikleri Streptococcus mutans ýokaşan syçanlaryň dişlerine çalyndy.
Fotoakustiki gözleg bioplýonkalaryň bölejikleri özüne oňat siňdirendigini görkezdi. Soňky lazer şöhlelendirilmesi bakteriýalaryň takmynan 100% ýok bolandygyny, munuň antiseptik hlorgeksidin ulanandan  has netijelidigini anyklamaga mümkinçilik berdi.
Gözlegiň netijeleri antibiotiklere durnukly bakterial ýokançlyklary bejermekde täze usullary açýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.