Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologiki sergisi geçiriler

22.03.2024, 06:144,831

2025-nji ýylda Rimiň Kapitoliý muzeýinde Türkmenistanyň arheologiki sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Degişli resminama 20-nji martda türkmen wekiliýetiniň Rim şäher meriýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşynda gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar Türkmenistan bilen Italiýanyň arasynda dürli ulgamlarda, ilkinjileriň hatarynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.  Şol bir wagtyň özünde, arheologiýa we medeni mirasy gorap saklamak babatynda ýurtlaryň arasynda uzak möhletli özara gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.