«Aždarhanyň öýi» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykar

25.03.2024, 12:393,505

HBO akym hyzmatynyň «Aždarhanyň öýi» serialynyň ikinji möwsümi 2024-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykar. Bu barada  Max YouTube kanalynda elýeterli bolan treýlerden belli boldy.

Serialyň täze möwsüminde tomaşaçylara «Aždarhalaryň tansy» ady bilen tanalýan Westerosdaky raýat urşy görkeziler. Serialyň režissýory Raýan Kondal täze möwsümiň has özüne çekiji boljakdygyny aýtdy.
«Aždarhanyň öýi» meşhur «Tagt oýunlary» serialynyň prikwelidir. Onuň sýužeti Jorj R.R.Martiniň Targarien şa neberesiniň pese gaçmagy hakda gürrüň berýän «Ot we gan» atly kitabynyň aýry-aýry bölümlerine esaslanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.