Tim Kuk Apple-iň Vision Pro garniturasynyň 2024-nji ýylda Hytaýda çykjakdygyny tassyklady

26.03.2024, 12:474,103

Apple Vision Pro garniturasy Hytaýda 2024-nji ýylyň ahyryna çenli elýeterli bolar. MacRumors-yň berýän habaryna görä, bu maglumatlar Pekinde geçirilen Hytaý Ösüş Forumynda çykyş eden kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk tarapyndan resmi taýdan tassyklandy.

Enjam ilkinji gezek ABŞ-nyň daşynda çykar.
Vision Pro 2024-nji ýylda beýleki ýurtlarda hem öndürilip başlanar, ýöne takyk haýsy wagtda we haýsy ýurtlarda - entek belli däl.
Kuk Apple-iň Hytaýda gözlegler we ösüş üçin maýa goýum goýmagyny dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.
Kuk ozal Apple-iň Şanhaýdaky Jing'an dükanyna baryp gördi.
Apple-iň seljerijisi Ming-Çi Kuo, adatça iýun aýynyň birinji hepdesinde geçirilýän  WWDC 2024-den - Apple-iň döredijiler konferensiýasyndan öň Vision Pro-yň halkara goýberilişiniň boljakdygyny çaklaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.