“Owazly sahnada ýyldyzlar” gepleşiginde çykyş etjek aýdymçylar üçin SMS arkaly ses bermeklik başlandy

11.04.2024, 14:2217,042

 “Türkmen Owazy” teleýaýlymynda “Owazly sahnada ýyldyzlar” gepleşiginde çykyş etjek aýdymçylar üçin SMS arkaly ses bermeklik başlady.

Islendik adam “0504” gysga belgisine “1”, “2” ýa-da “3” belgisini ugradyp, isleýän aýdymçysyna ses berip biler. Züleýha Kakaýewa üçin “1”, Aly Alyýew üçin “2” we Eldar Ahmedow üçin “3” belgisini ugratmak ýeterlik.
Köp ses gazanan ýyldyz aýdymçynyň 5 sany aýdymy, ikinji orna mynasyp bolan ýyldyz aýdymçynyň 4 sany aýdymy we üçünji orna mynasyp bolan ýyldyz aýdymçynyň 3 sany aýdymy “Türkmen Owazy” teleýaýlymynda “Owazly sahnada ýyldyzlar” gepleşiginiň 14-nji apreldaky sanynda ýaýlyma berler.
Ses bermeklik 12-nji aprelde sagat 15:00-a çenli dowam eder.
Ses bermegiň netijelerini şu salgydan yzarlap bilersiňiz.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.