Apple ýene-de bäsdeşlerinden öňe geçdi - iPhone 17 Pro TSMC-den 2-nm çip alan ilkinji smartfon bolar

12.04.2024, 15:5514,738

2025-nji ýylyň güýzünde çykjak iPhone 17 Pro we Pro Max TSMC tarapyndan öndürilen 2 nanometrli çipler bilen üpjün ediler. Apple-iň bäsdeşlerinden artykmaçlyk gazanmak üçin, eýýäm bu innowasiýa çipleriniň ilkinji partiýalaryny satyn alandygy barada habarlar bar diýip, iXBT habar berýär.

Apple öňem şuňa meňzeş strategiýany ulanyp, 3-nm çip ulanan ilkinji kompaniýa boldy. Bu iPhone 15-e we M3-e öndürijiliginde hem-de energiýa netijeliliginde ep-esli artykmaçlyga eýe bolmaga mümkinçilik berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.