Aşgabatda Mukamlar köşgünde "Bahar nagmalary" atly hor konserti geçiriler

15.04.2024, 15:093,362
1 / 3

28-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hor sazynyň agşamy geçiriler.

Tomaşaçylaryň öňünde Haýdar Eminowyň çeper ýolbaşçylygynda  Türkmenistanyň Döwlet hory çykyş eder. Dirižýor - Perman Miriýew.
Şeýle hem
 "Altyn asyr", "Owaz" orkestrleri konsert bilen çykyş ederler. Orkestriň çeper ýolbaşçysy we dirižýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Rahman Joraýew.
Konsert 17:00-da başlanar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
94-10-76;
48-96-83;
60-15-67.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.