Guşlar düýş görýärler. Alymlar ony "ýormagy" öwrendiler

18.04.2024, 15:3210,733

Mail.ru-nyň habar bermegine görä, Buenos-Aýres uniwersitetiniň alymlary guşlaryň düýş görýändiklerini anykladylar we, hatda olara düşünmegi hem öwrendiler.

Guşlar özboluşly beden agzasy - sesini özboluşly edýän sirinks arkaly gaýtalanmajak sesleri çykarýarlar. Gözleg geçirmek üçin gözlegçiler guş ukuda wagty kiskadi guşunyň ses ýolundaky myşsalaryň ýygrylmagyny yzarlamak üçin oturdylan elektrodlary ulandylar. Merkezi we Günorta Amerikanyň hemme ýerinde duşýan bu galmagalçy we agressiw guş üç bogunly gygyryşy bilen tanalýar, aslynda “kis-ka-di” diýip çykarýan sesi üçin oňa şeýle at dakylypdyr.
Alymlar myşsa işjeňliginiň kanuna laýyklyklaryny öwrenip, guşlaryň diňe bir düýş görmän, eýsem düýşünde “aýdym aýdýandyklaryny” hem anykladylar. Görnüşi ýaly, guşlaryň düýşi hem huşy bilen bagly, mysal üçin, öz çäklerini garşydaşlaryndan gorap çykyş edýärler.
Gözleg bu jandarlaryň özüni alyp barşyna we kognitiw ukyplaryna düşünişimizi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek, guşlaryň beýnisini öwrenmeklige  özboluşly ýol açýar. Hünärmenler biomehaniki modellemek usulynyň haýwanlaryň beýleki görnüşleri babatynda hem ulanylyp biljekdigine ynanýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.