Binance Dubaýda doly derejeli ygtyýarnama aldy

20.04.2024, 18:058,972

Binance kriptowalýuta biržasy Dubaýda doly VASP kriptowalýuta ygtyýarnamasyny aldy diýip, Bloomberg habar berýär.

Ygtyýarnama wirtual we fiat walýutalaryny alyş-çalyş etmek, kriptografik walýutalary saklamak we dolandyrmak ýaly, wirtual aktiwler bilen dürli amallary amala aşyrmaga hukuk berýär.
Dubaýyň düzgünleşdirijisi ygtyýarnamalary diňe Binance-yň şärikdeş esaslandyryjysy Çangpeng Çžao ýerli guramada ses bermek hukugyndan ýüz öwreninden soň berdi. Ol öz hukuklaryny ýerli Binance FZE bölümine geçirdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.