Kia özüniň ilkinji Tasman kysymly awtoulagyny görkezdi. Ol 2025-nji ýylda ilkinji gezek çykar

24.04.2024, 18:2516,277

Kia kompaniýasy Tasman atly ilkinji pikapyny görkezdi. IXBT.com-yň ýazmagyna görä, model häzirlikçe suratkeş Riçard Boýda-Danlopyň gatnaşmagynda döredilen suratly örtügiň astynda gizlenýär.

Tasman kompaniýanyň dizaýn, innowasiýa we başdan geçirmeler ruhuny öz içine alýar diýip, Kia kompaniýasynda bellediler. Pikapyň tehniki häsiýetnamasy barada entek  jikme-jik hiç zat aýdylmady.
Ondan öň Kia-nyň Awstraliýa bölümi Tasmanyň dizel hereketlendirijisi bilen üpjün ediljekdigini habar beripdi. Bu 2,2 litrlik ýa-da 3 litrlik turbodizel bolar diýlip garaşylýar.
Kia Tasman-yň ilkinji görkezilişi 2025-nji ýylda meýilleşdirilýär. Pikap Günorta Koreýa, Awstraliýa, Afrika we Ýakyn Gündogar ýaly ileri tutulýan ýurtlara tapgyrlaýyn çykarylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.