Counter-Strike 2 uly täzelenme aldy: eliňi çalyşmak mümkinçiligi, balans we ýaryş tertibinde Dust 2

03.05.2024, 15:068,994

Valve amerikan kompaniýasy meşhur Counter-Strike 2 oýny üçin uly täzelenme çykardy.

Esasy üýtgeşmeleriň hatarynda - ýarag saklap duran eliňi çalyşmak mümkinçiligi. Munuň üçin klawiaturada "H" klawişasyny basmaly.
Şeýle hem ykdysady görkezijilere düzediş girizildi: Zeus we CZ75 arkaly gazanylan üstünlik üçin baýraklar artdyryldy, XM1014 drobowikden edilen hereketler üçin bolsa, tersine, aşakladyldy — $900-den $600-e çenli.
Radar üçin birnäçe oňaýly funksiýalar goşuldy:

  • "Gaçan ýarag" («Выпавшее оружие») panelinde satyn alma menýusynda raundyň başynda topardaşyň ýaragyny galdyrmak mümkinçiligi elýeterli edildi.
  • Satyn alma menýusynyň burçunda oýunçynyň indiki raundda alyp biläýjek iň minimal pul möçberi görünýär.

Ýaryş tertibinde Overpass kartasy Dust 2 bilen çalşyryldy.
Mundan başga-da, Nuke, Vertigo, Mirage we Office kartalarynda az-kem üýtgeşmeler girizildi we ýalňyşlyklar düzedildi.

Üýtgeşmeleriň doly sanawy bilen oýnuň resmi saýtyndan tanşyp bilersiňiz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.