Fortune 100-e girýän Gucci we beýleki kompaniýalar eýýäm Apple Vision Pro-ny iş üçin ulanýarlar

08.05.2024, 22:263,935

Apple Vision Pro iri kompaniýalaryň arasynda meşhurlyk gazanýar. Apple-iň baş direktory Tim Kukyň sözlerine görä, Fortune 100 kompaniýalarynyň ýarysy işinde garyşyk hakykat garniturasynyň bu modelini eýýäm ulanýar diýip, AppleInsider-e salgylanýan, gagadget ýazýar.

Enjamyň satuwlary barada takyk görkezijiler aýan edilmese-de, Kuk onuň dürli iş ugurlarynda tiz ulanylyp başlandygyny aýtdy. Apple-iň  maliýe direktory Luka Maestri Vision Pro-nyň ulanylyşynyň anyk mysallaryny getirdi - KLM Airlines-de uçar hereketlendirijisini işläp taýýarlamak, Porsche-de bilelikdäki hyzmatdaşlyk we Lowe's-iň aşhana dizaýny.
Gucci-niň moda pudagynda innowasiýa goşundylaryny döretmek üçin eýýäm Vision Pro-nyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp başlamagy munuň ýene bir mysalydyr.
Tim Kuk Vision Pro-ny Mac bilen deňeşdirip, enjamyň müşderilere hyzmat ediş pudaklaryndan başlap, bilim beriş we medisina çenli dürli pudaklarda ulanylýandygyny görkezdi.
Vision Pro - bu ulanyjylara hakyky giňişlikde sanly obýektler bilen täsirleşmäge mümkinçilik berýän garyşyk hakykat gulaklygydyr. Enjam Apple M2 prosessory we Apple R1 goldaw çipi bilen işleýär. Vision Pro 2023-nji ýylyň iýun aýynda hödürlenip, 2024-nji ýylyň fewral aýynda bazara çykdy.
Apple Vision Pro-nyň bahasy 3 499 dollardan başlaýar, ýöne konfigurasiýa baglylykda müň dollara çenli gymmat bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.