«Reala» mahsus äheňde: Madridliler soňky minutda gol geçirip, «Bawariýany» utdular

09.05.2024, 07:3715,871
1 / 3

Madridiň "Realy" Çempionlar ligasynyň ýarym final tapgyrynyň jogap duşuşygynda "Bawariýadan" üstün çykyp (2:1), ýaryşyň finalyna çykdy.

Duşuşygyň birinji ýarymynda hiç hili gol geçirilmedi. 68-nji minutda "Bawariýa" Alfonso Dewisiň goly bilen öňe çykdy. "Real" 88-nji minutda Hoselunyň goly bilen hasaby deňledi. Ikinji ýarymyň ahyrynda goşulan birinji goşmaça minutda bolsa ýene-de şol Hoselu dubl edip, toparyny öňe çykardy. Belläp geçsek, Hoselu oýna soň girdi.
Şeýlelikde, 4:3 umumy hasap bilen "Real" taryhynda 18-nji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Onuň garşydaşy Dortmundyň "Borussiýasy" bolar. Final oýny 1-nji iýunda Londonda "Uembli" stadionynda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.