Coca Cola we PepsiCo planetany plastik bilen iň esasy hapalaýjylar bolup çykdy

10.05.2024, 11:1610,896

Kanadada Dalhauzi uniwersitetiniň barlagçylary 2018-2022-nji ýyllar aralygynda 84 döwletde plastik hapalanmagynyň auditini geçirdiler. Alnan netijelere görä, Coca Cola we PepsiCo bu görkeziji boýunça lider boldy. Ýüze çykarylan plastik zibilleriniň umumy möçberiniň, degişlilikde, 11%-i we 5%-i bu kompaniýalaryň paýyna düşdi diýip, Anadolu agentligi habar berýär.

Olaryň yzyndaNestle we Danone (hersi 3%) gelýär, şeýle hem Altria (2%). Bu kompaniýalar umumylykda, ylmy barlagyň dowamynda bellige alnan plastik zyňyndylarynyň 25%-ine golaýy üçin jogapkärdir. Barlagyň netijeleri Science Advances žurnalynda çap edildi.

«Bu kompaniýalar dünýäde iň iri kompaniýalaryň biridir we olaryň dünýä ýurtlarynyň ählisine elýeterliligi bar" - diýip, barlagçy Toni Uoker teswirleýär.

Şol bir wagtda, öwrenilen zyňyndylaryň ýarysyna golaýynyň "haýsy kompaniýa tarapyndan öndürilendigini ýüze çykaryp bolmady" diýip habarda bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.