«Bu ýerde, ol ýerde...»: The Beatles-iň aýdymlary 3,2 müňden gowrak ylmy makalada ulanylypdyr

Düýn, 19:401,454

Alymlar The Beatles toparynyň döredijiligine 3,2 müňden gowrak ylmy makalanyň adynda salgylanypdyrlar. Gözlegçiler muňa ylmy neşirleriň Scopus maglumatlar binýadyny seljermek arkaly göz ýetirdiler.

Derňewiň netijesinde toparyň aýdymlarynyň atlary ýa-da aýdymlardan alnan setirler bilen göni gabat gelýän 2237 mysal ulanylypdyr, ýene 963 makalada aýdym atlary söz oýnadylyp, üýtgedilip alnypdyr. 

Gözlegde OpenAI-yň GPT-4o-kiçi modelinden peýdalanypdyrlar.

The Beatles-iň aýdymlaryna şeýle salgylanmalar inženerlik, lukmançylyk, stomatologiýa, jemgyýetçilik we ynsanperwer ylymlar ýaly dürli ugurlardaky işlerde duş gelýär.

Iň köp ulanylan aýdym «The Long and Winding Road» («Uzyn we çarkandak ýol») bolup, onuň ady 798 ylmy makalada peýdalanylypdyr. Ondan soň «With a Little Help from My Friends» («Dostlarymyň azajyk goldawy bilen») — 209 makalada we «Here, There and Everywhere» («Bu ýerde, ol ýerde, hemme ýerde») — 129 makalada duş gelýär.

Gözlegçiler şeýle atlaryň 1990-njy ýyllarda has köp ulanylyp başlanandygyny belleýärler. Munuň sebäbi bolsa 1960-njy ýyllarda The Beatles-i diňläp ulalan nesliň şol döwürde ylmy karýera başlamagy bilen baglydyr.

Käbir alymlar toparyň meşhur aýdymlarynyň atlaryny söz oýnatma görnüşinde hem getiripdirler. Meselem, «All You Need Is Love» («Size bar zerur zat — söýgi») diýen aýdymyň ady «All You Need Is Sleep» («Size bar zerur zat — uky») görnüşinde ulanylypdyr.

Gözlegçileriň pikirine görä, şeýle salgylanmalar ylmy makalalaryň atlaryny has gyzykly we özüne çekiji edip, olaryň has köp okalmagyna sebäp bolupdyr. Awtorlar The Beatles toparyna salgylanmagyň makalalaryň beýleki ylmy işlerde ulanylyşyny, hakykatdan hem, artdyrýandygyny öwrenmediler.

Ýöne şeýle salgylanmalaryň sany boýunça bu topar beýleki meşhur aýdymçylardan ep-esli öňde barýar. Toparyň iň köp ulanylan 10 aýdymynyň atlary 1584 ylmy makalada duş gelýär. Deňeşdirip aýtsak, Maýkl Jeksonyň iň meşhur 10 aýdymy bary-ýogy 65, Elwis Presliniňki bolsa 196 ylmy işde peýdalanylypdyr.