Tim Kuk täze iPad Pro-ny hut şonda döredilen Nike krossowkalarynda tanyşdyrdy

11.05.2024, 03:468,325
1 / 2

7-nji maýda täzelenen iPad Pro-nyň tanyşdyryş dabarasynda Apple-iň ýolbaşçysy Tim Kuk adaty bolmadyk krossowkalarda peýda boldy. Görlüp oturylsa, ol krossowkalar ýörite şol çäre Nike kompaniýasy tarapyndan döredilen Air Max 1 '86 eksklýuziw nusgasy bolup çykdy diýip, IXBT ýazýar.

Aýakgabyň dizaýny Nike-yň dizaýnerleri tarapyndan täze iPad Pro-ny we Apple Pencil Pro-ny ulanmak arkaly döredildi. Krossowkanyň "dilinde" «Made on iPad» diýen ýazgy bar.
Bellenilişi ýaly, krossowkalaryň bu nusgasy ýeke-täk sanda çykaryldy we giň köpçülik üçin elýeterli bolmaz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.