MatchBox oýnawaç ulaglary ýaryş ekşn-filminde janlandyrylar

12.05.2024, 22:045,544

“Barbi” gurjaklarynyň filmlerdäki üstünligi oýunjak öndürijileri öz erkine goýmaýar. Indi Mattel amerikan konserni Skydance studiýasy bilen bilelikde meşhur Matchbox oýunjak awtoulaglary bilen çeper film döretmek isleýär diýip, Deadline habar berýär.

Filme “Taýler Reýk” (“Extraction”) franşizasyndaky işi bilen tanalýan Sem Hargreýw režissýorlyk eder. Filmiň tomaşa hokgalar bilen doldurylan maşgala başdan geçirmesi bolmagyna garaşylýar. Kino äleminiň “Ar alyjylar” we “Dedpul” filmlerindäki  ajaýyp hokgalaryň üstünde hut Hargreýw işläpdi.
1953-nji ýylda döredilen Matchbox ulagjyklary eýýäm köp wagt bäri pop medeniýetiň bir bölegi bolup durýar. Käbir çeşmeler oýunjaklaryň awtory Jek Odelliň gyzy üçin mekdepde oýnamaga ilkinji oýnawaç ulaglary döredendigini aýdýarlar. Sebäbi okuw jaýynda çagalara diňe kükürt gutusyna sygýan oýunjaklary getirmäge rugsat berlipdir. Çagalar oýnawaç ulagjyklara begenip täsin galypdyrlar, bu bolsa  Odella olary köpçülikleýin öndürmäge ylham beripdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.