“Garri Potter” filmi boýunça aşpezlik teleşüweleňi görkeziler: Ekizler Uizliler desert taýýarlaýar

18.05.2024, 23:588,485
1 / 2

Warner Bros. “Garri Potteriň” äleminden nobatdaky taslamany durmuşa geçirmäge taýýarlanýar. Kompaniýa “Garri Potter: Süýjülik sungatynyň jadygöýleri”  (“Волшебники выпечки”) atly tematiki aşpezlik şüweleňini hödürlär diýip, Variety ýazýar.

Programmany ekizler Fred bilen Jorj Uizliler alyp barar. Şüweleňde bäsleşige gatnaşyjylar “Garri Potteriň” dünýäsinden ruhlanan desertleri taýýarlamakda bäsleşerler. Ýazgylar filmlerdäki meşhur  ýerlerde geçer: Hogwartsda, Gringottsda, 9¾ Platformasynda  we beýleki ýerlerde.
Gysga tizerde kompaniýa aňrybaş lezzetli dürli tagamlary we filmleriň asyl nusgasyndan alnan birnäçe klipleri görkezdi. Wideo Garri Potter YouTube kanalynda tomaşa edip bolar.
“Garri Potter: Süýjülik sungatynyň jadygöýlerini” ýakyn wagtda ýazgy edip başlarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.