Kyodo: Ýaponiýanyň parlamentinde näbelli howa hadysalaryny öwrenmek  boýunça iş topary dörediler

02.06.2024, 01:274,085

Ýaponiýanyň parlamentinde uçýan näbelli obýektleri we näbelli howa hadysalaryny öwrenmek meseleleri boýunça partiýaara iş topary dörediler diýip, Kyodo gullugyna salgylanýan Gazeta.Ru ýazýar.

6-njy iýunda döretmek meýilleşdirilýän iş topary howpsuzlygy üpjün etmek zerurlygyndan ugur alýar. Deputatlar uçýan näbelli obýektleriň (UFO) beýleki ýurtlar tarapyndan işlenip düzülen gizlin ýarag bolup biljekdigi, Ýaponiýanyň howpsuzlygyna zyýan ýetirip biljekdigi barada aladalanýarlar.
Täze dörediljek iş topary UFO we beýleki näbelli hadysalar barada maglumat ýygnar, şeýle hem olar bilen baglanyşykly abanyp biläýjek howplary seljerer diýip  garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.