Aşgabadyň we Arkadagyň sirkleri tomaşaçylar üçin ýatdan çykmajak çykyşlary taýýarlaýar

04.06.2024, 16:1016,090
1 / 4

Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet sirki ähli isleg bildirýänleri sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar. Çykyşlar 8-nji we 9-njy iýunda sagat 18:00-da bolar.

Tomaşaçylara şular garaşýar:

  • Sirkiň artistleriniň, şol sanda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çykyşlary;
  • Parahatçylygyň nyşany bolan ak “Pawlin” kepderileriniň çykyşlary;
  • Howa gimnastlary, akrobatlar, türkmen alabaýlary we “Arwana” düýeleri;
  • Hindistanyň şadyýan “Makaka” maýmynjyklarynyň çykyşlary;
  • Afrikanyň täsin jandarlary: “Burçello” zebralary we düýeguşlar;
  • Gözbagçylar, klounlar, žonglýorlar;
  • “Ýedigen” tans toparynyň tansçylarynyň çykyşlary;
  • “Pudel” güjüjekleriniň çykyşlary;
  • Ýüpde ýöreýän gyzjagazyň çykyşy;
  • Tälim berlen atlaryň dürli hereketleri.

Goşmaça maglumatlary sirk.gov.tm resmi saýtynyň üsti bilen tapyp bilersiňiz.
Petekleri Döwlet sirkiniň kassasynda satyn alyp bilersiňiz. Kassanyň iş wagty: sişenbe – ýekşenbe günleri aralygy, sagat 10:00-dan 18:00-a çenli.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
36-10-95;
36-10-34.

Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň myhmanlary üçin hem şowhunly çykyşlar garaşýar. Sirk ahalteke atlarynyň, akrobatlaryň, gimnastlaryň, darbazlaryň we gözbagçylaryň gatnaşmagynda gyzykly çykyşlary taýýarlaýar. Şeýle-de, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirjek çykyşlary hödürlener.
Çykyşlar 9-njy iýunda sagat 15:00-da başlar.
Habarlaşmak üçin:
572353;
572360;
+99361447740

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.