iPhone 16 Pro Max smartfonlaryň taryhynda iň inçe çarçuwalara eýe bolar: 1,15 mm

08.06.2024, 06:3610,799
1 / 4

Ice Universe-iň insaýderi, smartfonlaryň taryhda iň inçe ekrana eýe boljakdygy baradaky myş-myşlary tassyklaýan iPhone 16 Pro Max-yň takyk çyzgylaryny çap etdi. Ölçeglere görä, ekranyň çarçuwasy bary-ýogy 1,153 mm bolar.

Bu bolsa, ekranyň telefonyň öň paneliniň tutuş meýdanyny diýen ýaly tutjakdygyny we ulanyja çuňňur täsir edip biljekdigini aňladýar.
Deňeşdirenimizde, iPhone 15 Pro Max-yň ekranynyň galyňlygy 1,71mm.
iPhone 16-ň beýleki modellerinde aşakdaky çarçuwalaryň ululyklary bolar:

  • iPhone 16: 2.0497 mm
  • iPhone 16 Plus: 2.0599 mm
  • iPhone 16 Pro: 1,2 mm

iPhone 16 Pro Max-yň takyk çyzgylary peýda bolansoň, Ice Universe geljekki flagmanyň suratlaryny çap etdi. Ony iPhone 15 Pro Max we iPhone 13 Pro Max bilen deňeşdirip görkezdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.