Amerikan kino akademiýasy kaskadýorlar üçin “Oskar” döretmegi ara alyp maslahatlaşýar

11.06.2024, 06:395,722

Kino akademiýasy iň oňat kaskadýorlyk işi  üçin “Oskar” baýragyna täze nominasiýany girizmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşýar.

Empire neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, Amerikan kino akademiýasy baýrak gowşurylyş dabarasyna täze kategoriýany goşmagy göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda Akademiýada kaskadýorlaryň öz topary ýok, bu bolsa  teklibiň durmuşa geçirilmegine päsgelçilik döredip biler.
Ondan öň “Oskar” 2026-njy ýylda ilkinji gezek gowşuryljak iň oňat kasting ugrundaky nominasiýany hödürledi. Häzir nominasiýalaryň umumy sany 25 boldy.
Indiki “Oskar” gowşurylyş dabarasyny (hasap boýunça 97-nji) 2025-nji ýylyň 2-nji martynda geçirmek meýilleşdirilýär. Nominantlar 17-nji ýanwarda yglan ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.