Apple kepillik düzgünlerini üýtgedýär: iPhone-daky we Apple Watch-däki mikrojaýryklary bejermek tölegli boldy

11.06.2024, 07:103,355

iPhone-nyň we Apple Watch-yň ekranlaryndaky mikrojaýryklary bejermek işi indi Apple-iň standart kepilliginiň hasabyna abatlanmaz diýip, IXBT habar berýär.

Mundan öň Apple onda başga bir zeper bolmasa-da, enjamyň displeýlerindäki ownuk çat açan ýerlerini mugt düzedýärdi. Indi şeýle ýagdaýlar “tötänleýin zeper” hökmünde kesgitlener we enjamyň eýeleri ony abatlatmak üçin özleri çykdajy etmeli bolarlar.
Bu üýtgeşme entek iPad bilen Mac-a degişli däl, ýöne geljekde bu düzgün beýleki enjamlara hem degişli edilip bilner.
Giňeldilen kepillik almak isleýän müşderilere AppleCare+ satyn almak maslahat berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.