Hytaýly alymlar adam derisiniň elektron taýyny döretdiler

14.06.2024, 14:494,422

Hytaýyň Singhua uniwersitetiniň alymlary bionik 3D arhitekturaly dünýäde ilkinji "elektron derini" döretdiler. Ol adamyň beden agzasynyň gurluşyna we wezipelerine öýkünýär.

Science žurnalynda beýan edilen täze önüm bar bolan analoglardan adam derisi kimin, fiziki derejedäki basyşy, sürtülmäni we deformasiýany tapawutlandyryp bilýändigi  bilen tapawutlanýar."Elektron deri" üç gatlakdan durýar. Olar epidermise (iň ýokarky gatlak, adam derisiniň üstki gurluşyny ýada salýar), dermise (datçikleriň we reseptorlaryň köpüsiniň ýerleşýän orta gatlagy) we deriasty kletçatka (aşaky gatlak, adam derisiniň aşakky gatlagynyň teksturasyny gaýtalaýar) öýkünýär.
Dermisdäki datçikler we reseptorlar çuňňur maşyn öwrenme algoritmlerini ulanyp, “derä” edilen täsiri seljerýär.
Önüm el-aýagy amputasiýa edilen adamlara obýektleri has tebigy duýmaga mümkinçilik berer, şeýle hem has ösen taktil mümkinçilikleri bolan robotlary döretmek ýaly, dürli ugurlar üçin ägirt uly geljege eýedir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.